SPORT WE SYÝAHAT

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda kiçi futbol boýunça göçme kubok ugrundaky ýaryşlar geçirildi

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe sport guramasynyň Lebap welaýat bölüminiň göçme Kubogyny almak ugrunda kiçi futbol boýunça ýaryşlar tamamlandy.

Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp geçirilen  ýaryşlara etrabyň orta mekdepleriniň okuwçy oglanlaryndan düzülen toparlar gatnaşdylar. Çekeleşikli geçen duşuşyklaryň final tapgyryna 4-nji, 9-njy, 20-nji we 25-nji orta mekdepleriň ýygyndy toparlary çykdylar. Netijede 25-nji orta mekdebi topary hemmelerden öňe saýlanyp, birinji orna we göçme Kuboga mynasyp boldy. Ikinji orny 9-njy, üçünji orny bolsa 20-nji orta mekdepleriň oglanlary eýelediler.

25-nji orta mekdebiň ýygyndy toparyna «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe sport guramasynyň Lebap welaýat bölüminiň göçme Kubogy, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň we Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Baýrakly orunlara eýelän toparlaryň ählisine degişli diplomlar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: