- ESASY HABARLAR, YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynyň pagtaçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etdiler

Lebap welaýatynyň pagtaçylary arzyly sepgide ýetmegiň hötdesinden geldiler. Olar 295 müň tonnadan geçirip pagta hasylyny ýygnap aldylar we kabul ediş harmanhanalaryna tabşyrdylar. Pagtaçylar şunça hasyly 120 müň gektar meýdanda ösdürip ýetişdirdiler.

Daýhanlaryň şeýle sepgide ýetmegi meýdan işlerinde agrotehniki çäreleriň wagtynda we talap edilişi ýaly ýerine ýetirilmeginiň, gowaçalaryň sortlarynyň toprak şertlerine laýyklykda saýlanyp alynmagynyň we tutanýerli zähmet çekilmeginiň netijesinde mümkin boldy. Hemişe bolşy ýaly, şu ýylyň baharynda lebaply pagtaçylar gowaçanyň «S—2606», «Aş—36», «133», «Ýolöten—7» ýaly görnüşleriniň tohumlaryny sepdiler.

Ähli ýerlerde ýetişdirilen hasyly wagtynda we isripsiz ýygnap almak üçin işler guramaçylykly ýola goýuldy. Şonda pagta ýygýan maşynlaryň güýjüne giňden daýanyldy. Ýagny, 150 gowrak «Jon Deere», 90 töweregi «MX—1,8» kysymly  pagta ýygýan kombaýnlar netijeli işledildi. Şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilmegine aýry-aýry etraplaryň zähmetkeşleri has-da gowy goşant goşdular. Ilki bilen Darganata etrabynyň daýhanlary baglaşylan şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen berjaý edendiklerini habar berdiler. 3 müň 500 gektar meýdanda gowaça eken darganatalylar şonda 6 müň tonnadan geçirip «ak altyny» ýygnap aldylar. Olaryň yzysüre Saýat etrabynyň pagtaçylary hem bellenilen sepgide ýetdiler. Olar 14 nüň 590 gektar meýdanda pagtanyň bol hasylyny ýetişdirip, ondan 46 müň 400 tonna gowrak pagta ýygdylar. Halaç etrabynyň zähmetkeşleri hem welaýatda üçünji bolup şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý edendikleri barada habar berdiler. Şol gün 18 müň 145 gektar meýdanda gowaça eken pagtaçylaryň tereziden geçiren hasyly 51 müň 700 tonnadan geçdi. Kerki etrabynyň daýhanlary bolsa 10 müň gektardan 20 müň 500 tonnadan artyk pagta hasylyny almagy başardylar.

Ýygnalan hasyly 46 sany kabul ediş bölümlerinde kabul edip aldylar. Pagta arassalaýjy kärhanalarynyň 11-sinde bolsa şu ýylyň pagtasy gaýtadan işlenilýär. Taýýar önümiň bir bölegi eksporta ibermeklik göz öňünde tutulýar, bir bölegi ýurduň dokma senagaty kärhanalaryna ugradylýar.