YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynyň maldarlary 69 müňden gowrak owlak-guzy aldylar

Lebap welaýatynyň maldarlary ene dowarlardan owlak-guzy almak meýilnamasyny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Täze doglan ýaş mallaryň sany 69 müňden geçdi, diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Dowarlardan owlak-guzy almak möwsüminde Çärjew etrabynyň «Serdar», Köýtendag etrabynyň «Köýtendag», Döwletli etrabynyň «Tallymerjen» maldarçylyk hojalyklarynyň maldarlary ilkinji bolup meýilnamalaryny berjaý etdiler. Hojalyklaryň galan 3-sinde hem tabşyryk üstünlikli ýerine ýetirildi. Maldarlar ählisi ösdürilmäge galdyrylan owlak-guzulara göwnejaý ideg edýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: