Lebap welaýatynyň maldarçylyk hojalyklarynda dowarlaryň güýz gyrkymy tamamlandy
Lebap welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň maldarçylyk hojalyklarynda dowarlaryň güýz gyrkymy üstünlikli tamamlandy we ýüňüň 156 tonnasy taýýar edildi, diýip «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.
Hojalyklar boýunça ýyllyk meýilnama hem artygy bilen berjaý edildi. Şonda jemi taýýarlanylan ýüň 583 tonnadan gowrak bolup, bu baradaky meýilnama 130 göterim ýerine ýetirildi. Gazanylan üstünlige Saýat etrabyndaky «Jeýhun» maldarçylyk hojalygynyň dowardarlary has saldamly goşant goşdular. Olar tarapyndan ýüňüň 183,7 tonnasy taýýarlanylyp, meýilnama 166 göterim berjaý edildi.
Maldarlar häzirki günlerde dowarlary ýyly we dok gyşlatmak ugrunda alada edýärler. Hojalyklarda ot-iým taýýarlamak, kaşarlary abatlamak işleri utgaşykly alnyp barylýar.