Lebap welaýatynyň kik-boksingçileri Türkmenistanyň birinjiliginde üstünlikli çykyş etdiler  

Lebap welaýatynyň kik-boksingçileri geçen oktýabr aýynda geçirilen ýaryşlarda üstünlikli çykyş etdiler we baýrakly orunlaryň 52-sini eýelediler. Olaryň 21-si birinji,  11-si ikinji we 20-si üçünji orunlara mynasyp boldular. Birinji orunlaryň 4-si, ikinji we üçünji orunlaryň hersiniň 2-si gyzlaryň paýyna düşýär.

Gazanylan medallaryň 19-sy Türkmenabat şäheriniň 6-njy sport mekdebiniň türgenleriniň paýyna düşýär. Olar 10 sany altyn (2-sini gyzlar gazandylar), 4 sany kümüş we 5 sany bürünç medallary eýeleri boldular. Türkmenabat şäheriniň 9-njy sport mekdebiniň türgenleri bolsa ýurduň birinjiliginde 14 baýrakly orunlara gazandylar.

Şu döwürde ýaryşlara jemi 115 türgen gatnaşdy. Olaryň 14-si gyzlardyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector