BILIM

Lebap welaýatynyň iň ussat mugallymy kesgitlenildi

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Kärdeşler
arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de welaýat baş bilim müdirliginiň bilelikde
guramagynda «Ýylyň mugallymy» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa deslapky
tapgyrlarda ýeňiji bolan mugallymlar gatnaşdylar. Olar bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda ukyp-başarnyklaryny we tejribelerini görkezdiler.
Netijede Kerki etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy Sona Jumaýewa birinji
orny eýeledi we bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Çärjew etrabyndaky 38-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýat mugallymy Güljan Nazarowa we Dänew etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň matematika we informatika mugallymy Aýnura Baltaýewa ikinji, Darganata etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Täzegül Meläýewa, Saýat etrabyndaky 59-njy orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Aýna Nedirowa, Köýtendag etrabyndaky 61-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy Ýagşygül Gylyjowa üçünji orunlara mynasyp boldular.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň
gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.