SPORT WE SYÝAHAT

Lebap welaýatynyň iň ökde gandbol toparlary kesgitlenildi

Türkmenabat şäherindäki 1-nji sport mekdebinde 2010 — 2011-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda welaýat birinjiliginiň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Oglanlaryň arasyndaky ýaryşa bäş, gyzlaryň ýaryşyna bolsa dört topar gatnaşdy.
 Oglanlaryň arasyndaky ýaryşda Türkmenabat şäherine wekilçilik eden birinji
topara taý tapylmady. Ýaryşda Dänew etrabynyň birinji topary ikinji, Köýtendag
etrabyndan gelen gandbolçylar bolsa üçünji orunlary eýelediler.
 Gyzlaryň arasyndaky ýaryşda welaýat merkeziniň birinji we ikinji toparlary
Dänew etrabyna wekilçilik eden iki topar bilen güýç synanyşdylar. Şunda
öňdäki iki orny Türkmenabat şäheriniň we Dänew etrabynyň birinji toparlary
eýelediler. Olaryň ikinji toparlary bolsa, degişlilikde üçünji we dördünji orunlara
mynasyp boldular.
 Ýeňiji bolan toparlaryň wekillerine gymmat bahaly sowgatlar, Hormat hatlary
gowşuryldy. Iň ezber türgenler bolsa welaýatyň ýygyndy toparyna saýlanyp
alnyp, olar bilen öňde duran döwlet derejeli ýaryşlarynyň taýýarlygyna girişildi.