Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2025» atly şadyýan bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň etrap-şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan 2 — 4-nji synp okuwçylar gatnaşdylar.
Olar hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan tutumly işleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Şeýle hem milligimize, sungatymyza, medeniýetimize bolan söýgüsini şahyrana sözleriň üsti bilen beýan etdiler. Gyzjagazlar özleriniň ýaş aýratynlyklaryna görä, ene-mamalarymyzdan miras galan milli el işlerimizi ýerine ýetirmek boýunça hem başarnyklaryny görkezdiler.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça Saýat etrabyndaky 29-njy orta mekdebiň okuwçysy Aýgözel Muhammedowa birinji, Köýtendag etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň okuwçysy Aknur Haýitmuradowa ikinji orunlara mynasyp boldular we bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Türkmenabat şäherindäki 11-nji orta mekdebiň okuwçysy Jennet Çopanowa üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Lebap welaýatynyň iň eýjejik gyzy saýlanyldy
07
Mar
