Duşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň
sebitlerinde alnyp barylýan işler bilen bagly iş maslahatyny geçirdi. Onda Lebap
welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl welaýatda açylyp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezident hasabaty diňläp, pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini esasy wezipeleriň hatarynda belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutany häkime Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Lebap welaýatynyň häkimine täze tabşyryklar berildi

19
Nov