YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynyň gazçylary ösüş depginini 27,6% ýokarlandyrdylar

Üstümizdäky ýylyň on aýynda Lebap welaýatynyň gazçylary 22 milliard 225,2 million kub metr «mawy ýangyjy» çykardylar. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürilişiniň depgininiň 27,6 göterim kändigini görkezýär.

Şu ýylyň ýanwarynda «Malaý» gaz gysyjy desgasynyň açylyp berilmegi tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmaga we mümkinçilik berdi. Onuň ýyllyk kuwwaty 30 milliard kub metr «mawy ýangyja» deňdir.

Gaz kondensatyny öndürmekde hem ösüş gazanyldy. Ýylyň başyndan bäri tebigy gaz bilen alynýan bu ugurdaş önümiň 443,8 müň tonnasy öndürildi.Geçen ýylyň 10 aýy bilen deňeşdirende, ösüş depgini 0,8 göterime barabar boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: