YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynyň egriji fabriklerinde öndürilen önümleriň 51 göteriminden gowragy eksporta ugradyldy

Lebap welaýatynyň egriji fabriklerinde öndürilen önümleriň 101 million 330 müň manatlykdan gowragy eksporta ugradyldy. Bu ýedi aýyň dowamynda çykarylan önümiň 51 göteriminden hem köpdür. Has takygy, welaýatyň çäginde hereket edýän dört kärhana ýylyň başyndan bäri 197 million 267 müň manatlykdan gowrak önüm ýerleşdirdi.

Bu üstümizdäki ýylyň ýedi aýynda 13 müň 124 tonnadan gowrak nah ýüplügiň öndürilendigini aňladýar. Onuň 6 müň 183 tonnadan gowragy bolsa daşary ýurtlara iberildi. Harytlar Russiýa, Polşa, Türkiýe, Ermenistan ýaly ýurtlara iberildi.

2021-nji ýylyň bütin dowamynda welaýatdaky egriji fabriklerde 12 müň 491 tonnadan gowrak nah ýüplük öndürilipdi.

Lebap welaýatynyň çäginde Halajyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nah ýüplük egriji, Türkmenabatdyň pagta egriji we pamyk egriji kärhanalary, Seýdiniň pagta egriji fabrigi hereket edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: