JEMGYÝET

Lebap welaýatynyň Döwletli şäherçesinde täze metjidiň düýbi tutuldy

 Lebap welaýatynyň Döwletli şäherçesinde täze metjidiň düýbi tutuldy. Ol birbada 300 adamyň namaza durmagy üçin niýetlenendir. Metjidiň ýanynda sadaka berilýän jaý hem gurlar. Jemi üç gektar meýdany eýelejek daşy abadanlaşdyrylan binalar 2024-nji ýylda ulanylmaga berler.

Bu ýerde metjit gurmak baradaky teklip şu ýylyň 3-nji maýynda geçirilen iş maslahatynda berilipdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow  ony goldapdy we bu ugurda halkyň islegine görä degişli işleri geçirmek boýunça tabşyryklary beripdi.

Döwletli etrabynda häzir ilatyň dini borçlaryny berjaý etmegi üçin namazhanalaryň 10-sy bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: