Lebap welaýatynyň Çärjew we Darganata etraplarynda saglygy goramaga bagyşlanan duşuşyklar geçirildi

Lebap welaýatynyň Çärjew we Darganata etraplarynda ynsan saglygyny goramaga, dürli keselleriň öňüni almaga bagyşlanan duşuşyklar geçirildi. Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň etraplardaky wekiliniň guran çärelerine çagalar baglarynyň müdirleri we etrap bilim bölümleriniň hünärmenleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda inçekesel we beýleki ýokanç keselleriniň öňüni alyş çäreleri, şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegiň ähmiýeti, bu endikleri çagalara öwretmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini almak barada giňişleýin gürrüň edildi. Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň inçekesel we onuň öňüni almagyň ýollary barada düşünje berýän broşýuralar paýlanyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector