Lebap welaýatynyň býujeti Arkadag şäheri we Daşoguz welaýaty bilen deňeçerleşdirildi
2025-nji ýylda merkezleşdirilen býujetden Arkadag şäheriniň, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň býujetleriniň deňeçerligini üpjün etmek üçin olara 3 496,5 million manat möçberde serişdeler bölünip berler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalada aýdylýar.
Şeýle hem çeşmäniň ýazyşy ýaly, 2025-nji ýylda jemi içerki önümiň hakyky ykdysady ösüş depgini deňeşdirme nyrhlarda 6,3 göterime çenli derejede emele geler we ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ösmeginiň hasabyna üpjün ediler. Kanuna laýyklykda, şu ýyl üçin Döwlet býujeti girdejiler we çykdajylar boýunça 123 798,1 million manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesi girdejiler hem çykdajylar boýunça 36 500 million manat möçberde tassyklanyldy.