YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynyň bölek haryt satuw dolanyşygynda döwlete dahylsyz bölegiň paýy uly

Üstümizdäki ýylyň tamamlanan alty aýynda Lebap welaýaty boýunça bölek haryt satuw dolanyşygy 6 milliard 623,3 million manatlyga barabar bolup, 2021-nji ýylyň ýanwar ― iýun aýlary bilen deňeşdirilende 10,5 göterim köpeldi.

Welaýatyň bölek haryt satuw dolanyşygynda döwlete dahylsyz bölegiň paýy 90 göterimden hem gowrakdyr. Olarda geçen ýarym ýylda bölek haryt satuw dolanyşygy 2021-nji ýylyň degişli döwründäkiden 11,5 göterim artdy. Şol bir wagtyň özünde üstümizdäki ýylyň 1-nji iýulyna ministrlikleriň we pudak edaralarynyň söwda edýän kärhanalary boýunça sarp ediş harytlarynyň gorlarynyň umumy möçberi geçen ýylyň degişli senesi bilen deňeşdirilende 13 göterim köpelip, 124,1 million manatlyga deň boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: