BILIM

Lebap welaýatynyň bilim işgärleriniň awgust maslahaty geçirildi

 Welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda Türkmenabat şäheriniň öňde baryjy bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi.

Onda geçen okuw ýylynda amala aşyrylan işler barada hasabat diňlenildi, olara seljerme berildi we ösüp gelýän nesle bilim we terbiýe bermek boýunça bilim işgärleriniň öňlerinde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatda çykyş edenler bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň berýän miweleri, mekdepleriň, çagalar baglarynyň maddy enjamlaýyn üpjünçiliginiň gowulandyrylmagynyň okuw-terbiýeçilik işlerini döwrüň talaplaryna laýyk guramaga giň mümkinçilikleri açandygy barada durup geçdiler. Okuwyň gidişine okatmagyň täze usullaryň ornaşdyrylyşy, olaryň berýän oňyn netijeleri hem seljerildi. Şonuň ýaly-da, öňde baryjy bilim işgärleriniň iş tejribeleri bilen tanyşdyryldy.

Geçen okuw ýylynda tapawutlanan mugallymlara we terbiýeçilere welaýat baş bilim müdirliginiň Hormat hatlary we kärdeşler arkalaşygynyň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.