TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebap welaýatynyň Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy

Düýn ― 15-nji dekabrda Lebap welaýat Baş arçasynyň yşyklarynyň ýakylyş
dabarasy boldy. Oňa Aýazbaba bilen Garpamyk hem gatnaşdy.
Baýramçylyk ýörişi Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta
mekdebiň öňündäki meýdançadan başlandy. Ýöriş bu ýerden şäherdäki
«Türkmeniň Ak öýi» binasyna çenli ― Baş arçanyň dikilen ýerine çenli dowam etdi. Soňra bu ýerde aýdym-sazly dabaralaryň gurşawynda Baş arçanyň yşyklary ýakyldy.
Welaýatda baýramçylyk dabaralary ýanwar aýynyň birinji ongünlügi
tamamlanýança dowam eder.