YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynyň aragatnaşyk kärhanalarynda işleriň depgini ýokarlanýar

Şu ýylyň alty aýynda Lebap welaýatynyň aragatnaşyk kärhanalarynyň esasy işinden alnan girdejileriň möçberi (goşulan baha üçin salgyt salynmazyndan) 64 million 769 müň manada ýakyn boldy. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirende, 14,2 göterim köpdür. Onuň esasy bölegi elektrik aragatnaşyk hyzmatlaryndan geldi. Bu görkeziji 60 million, 90,5 müň manada barabardyr.

Ilata edilýän aragatnaşyk hyzmatlarynda hem ösüş gazanyldy. Şu döwürde ilata edilýän hyzmatlardan alynýan girdeji 42 million 796 müň manatdan gowrak boldy. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 16,6 göterim artykdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: