YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynyň ähli etraplarynda sogan ekiler

Şu ýylyň baharynda Lebap welaýaty boýunça 900 gektar meýdana sogan ekiler. Onuň her gektaryndan 250 sentnerden hasyl alynmagyna garaşylýar. Şonda söwda nokatlaryna 22 müň 500 tonna önüm ugradylar.

Döwletli etrabynda bu ekin üçin iň köp ýer bölegi bölünip berildi. Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýän etrapda 180 gektar meýdana sogan ekerler. Etrabyň daýhanlary ondan 4 müň 500 tonna hasyl almagy göz öňünde tutýarlar. Çärjew etrabynda bolsa bu ekini 130 gektar meýdanda ekmek meýilleşdirilipdir. Tomusda ondan 3 müň 250 elli tonna hasyla garaşylýar. Farap, Saýat we Halaç etraplarynyň hersinde bolsa 100 gektar meýdan sogan ekmek üçin bölünip berilipdir. Etraplaryň hersinde bu azyklyk önümiň 2 müň 500 tonnasyny ýygnamak meýilleşdirilipdir.

Bu ekin welaýatyň ähli etraplarynda hem ekiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: