YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda ykdysadyýetiň hususy sektorynda süýdüň öndürilişi artýar

Lebap welaýatynda ykdysadyýetiň hususy sektorynda süýdüň öndürilişiniň artýandygyny görmek bolýar. 2021-nji ýylda ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende, söwda nokatlaryna bu önümiň 279 tonnadan artygy iberilipdir.

Has takygy, 2020-nji ýylda welaýatyň telekeçileri 1576 tonna töweregi süýt öndüren bolsalar, 2021-nji ýylda onuň öndürilişiniň mukdaryny 1854,5 tonna ýetirdiler. Häzriki wagtda welaýatda süýt öndürmek bilen 54 telekeçi meşgullanýar. Olaryň şu maksat bilen bakýan mallarynyň umumy sany 5260-a ýetdi.

Maglumatlar, Çärjew etrabynyň önüm öndürijileriniň aýratyn işjeňlik görkezýändigine şaýatlyk edýärler. Mysal üçin, telekeçi Ramazan Hojamkulyýew geçen ýyl ondan öňki ýyldakysyndan 44 tonna, Ibadulla Ergeşow 14 tonna, Berdimurat Mowlýamow 82 tonna süýdi köp tabşyrypdyrlar.

Hususy kärhanalarda süýtden aýran, gatyk, dorog, gaýmak, gaty we ereme peýnirleriniň dürli görnüşler öndürilýär. Geçen ýyl söwda nokatlaryna bu önümleriň 255 tonnadan gowragy ugradyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: