JEMGYÝET

Lebap welaýatynda ýetginjekleriň arasynda öňüni alyş sanjymy geçirilýär  

Şu günler  Lebap welaýatynda 15 – 17 ýaş aralygyndaky ýetginjeklerde öňüni alyş sanjymlary geçirilýär. Bu çäre Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň çözgüdine laýyklykda alnyp barylýar.

Sanjymlar ýiti respirator keselleriniň öňüni almak maksady bilen geçirilýär. Ol iki tapgyrda alnyp barylar. Birinji tapgyr aprel aýynda tamamlanar we şoňa çenli döwürde 15—17 ýaş aralygyndaky mekdep okuwçylarynda sanjym geçiriler. Maý-iýun aýlarynda bolsa 12—14 ýaş aralygyndaky mekdep okuwçylarynda öňüni alyş sanjymlaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Welaýat saglygy goraýyş müdirligi tarapyndan bu çäräni guramaçylykly we netijeli geçirmek üçin ähli şertler döredilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: