YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda ýer hozy ýetişdirilýär

Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň Pagtaçy geňeşliginiň ýaşaýjysy Agajan Çaryýew özüne degişli bolan daýhan hojalygynyň 10 gektar meýdanynda aralyk ekin bolan ýer hozunyň bol hasylyny ýetişdirdi, diýip «Türmen gündogary» gazeti habar berýär.

Häzirki wagtda daýhan hojalygynda hasyl ýygnamak işleri gyzgalaňly dowam edýär. Daýhan şu ýyl ýer hozundan 40 tonna hasyla garaşýar. Bu ýerde ýetişdirilen ýer hozunyň hasyly içerki bazara çykaryldy, onuň belli bir bölegi bolsa Mary welaýatyndaky «Täze Aý» hususy kärhanasyna ugradylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: