YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda ýene-de iki telekeçi önümini eksport edip başlady

Noýabr aýynda Lebap welaýatynda önümini daşary ýurtlara iberýän kiçi kärhanalaryň sany artdy. Öňküleriň üstüne «Täsin hasyl» hojalyk jemgyýeti we «STT» hususy kärhanasy hem goşuldy.

«Täsin hasyl» hojalyk jemgyýeti «Täsin mastik» belgili bitumly mastikanyň 814,5 tonna ýakynyny Azerbaýjana, şu belgi bilen çykarylýan suwuk bitumly emulsion mastikanyň 1118 tonna ýakyny Özbegistana iberdi. «STT» hususy kärhanasynyň öndüren gips kartonynyň 6204 listini gazagystanly, 715,6 tonna heki özbegistanly we 87 tonna ýakyn duzy russiýaly işewürler satyn aldylar.

Şeýlelikde, Lebap welaýatynda daşary ýurtlar bilen söwda gatnaşyklaryny ýola goýan senagat önümlerini öndürýän telekeçileriň sany 16-a ýetdi. Olar ýylyň başyndan bäri 33643 müň manatlykdan gowrak harydy daşary ýurtlara satdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: