TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebap welaýatynda ýazlyk ýeralmanyň ekişine girişdiler

Lebap welaýatynda ýazlyk ýeralmanyň ekişine guramaçylykly girişildi.
Bu ekinden Türkmenistanda iki hasyl alynýar. Ýazlyk ekişi üçin welaýat boýunça 1 müň 400 gektar ýer bölünip berildi. Alymyzdaky tomusda onuň her gektaryndan ortaça 140 sentnerden hasyl alynmagyna garaşylýar. Geçen ýyl welaýat boýunça ýeralmanyň 116 müň tonna ýakyn hasyly ýygnalypdyr.
Bu ekini ýetişdirmekde Çärjew etrabynyň daýhanlarynyň paýyna işiň agramly bölegi düşýär. Olaryň öňünde 400 gektar meýdana bu azyklyk ekini ekmek wezipesi dur. Dänew etrabynyň daýhanlaryna bolsa bu ýyl bu azyklyk ekin üçin 370 gektar ýer bölünip berildi. Saýat we Halaç etraplarynyň hersinde 200 gektar meýdanda ýeralma ekiler.
Şu günler pomidor, hyýar, kelem, sogan, käşir ekmek üçin hem ýerler taýýarlanylýar. Ýazky ýeralma, gök we bakja ekinlerini ekmek üçin jemi 5 müň 625 gektar ýer bölünip berildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply