Ýazlyk ýeralma hem-de gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk işleri şu hepdäniň duşenbe güni Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda geçirilen iş maslahatynda gozgalan möhüm meseleleriň hatarynda boldy. Şol maslahatda Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew bu ekinleriň ekiljek meýdanlaryny sürmek, tekizlemek hem-de tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça işleriň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Lebap welaýatynda ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülýär
23
Jan
