TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebap welaýatynda ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleri güýçlendirildi

Lebap welaýatynda ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleri meýilnama laýyklykda güýçlendirildi. Bu barada welaýatyň häkimi duşenbe güni geçirilen iş maslahatynda döwlet Baştutanyna habar berdi.
Hasabatda pagta öndürijileri üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreleriň görülýändigi, ýazlyk ýeralma hem-de gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlarynyň, tohumynyň ekiş möwsümine taýýarlanylýandygy nygtaldy.
Döwlet Baştutanymyz ýazky ekiş işleriniň agrotehniki möhletlerde, talabalaýyk geçirilmegini, tehnikalaryň we gurallaryň doly taýýarlyk ýagdaýynda bolmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.