YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda ýaşaýyş jaýlarynyň ulanylmaga berlişi 163 göterim artdy

Lebap welaýatynda şu ýylyň geçen 11 aýynda ýaşaýyş jaýlarynyň ulanylmaga berlişi 163 göterim artdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Oba milli maksatnamasynyň çäginde welaýatda üstümizdäki ýylyň geçen döwründe ýaşaýyş jaýlarynyň 71,5 müň inedördül metri ulanylmaga berildi. Munuň özi ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak isleýän raýatlara döwletimiz tarapyndan uzak möhlete niýetlenen ýeňillikli karzlaryň berilmegi, gurluşyk-gurnama guramalarynyň işleri netijeli ýola goýmaklary netijesinde mümkin boldy. Bu babatda Saýat etrabynda iň ýokary görkeziji gazanyldy. Etrapda ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga bermekde geçen ýylyň degişli döwrüne görä ýedi esse artyş depgini üpjün edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: