YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda ýanwar aýynda konditer önümleriniň öndürilişi artdy

2023-nji ýylyň ilkinji aýynda Lebap welaýatynda ondan öňki ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, telekeçiler tarapyndan çykarylýan konditer önümleriniň öndürilişi 26 göterim artdy.

Netijede şu döwürde 38,5 tonna ýakyn dürli önümler alyjylara hödürlenildi. Bu geçen ýylyň ýanwar aýyndakysyndan 12,5 tonna ýakyn köpdür. Alyjylara ak  kökeler, şeker örtükli sozulýan kökeler, biskwilter, dürli süýjüler we beýleki önümler hödür edildi. Hususanda, «Ýedi dogan», «Halal rysgally ýol», «Nabat», «Şerbet» hususy kärhanalarynda önümler köp öndürildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: