TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebap welaýatynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bellenildi

Şu gün BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Resolýusiýanyň kabul edenine 25 ýyl dolýar. Şu baýram mynasybetli Türkmenabat şäheriniň Baş baýdak meýdançasynda irden Türkmenistanyň Döwlet Senasy ýaňlanyp duran wagty Döwlet baýdagy galdyryldy.
Baýramçylyk mynasybetli guralan dabarada çykyş edenler Türkmenistanyň daşary syýasaty, onuň umumadamzat bähbitli meseleleri çözmekdäki ähmiýeti, Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerýän Türkmenistanyň beýleki ýurtlar hem-de halkara guramalary bilen alyp barýan gatnaşyklary, Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak, ekologiki ýagdaýy gowulandyrmak, ýüze çykýan düşünişmezlikleri gepleşikler arkaly çözmek barada we beýleki teklipleri hakynda giňişleýin durup geçdiler. Soňra bu ýerde sungat işgärleriniň taýýarlan konserti boldy.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy gatnaşyjy ýurtlaryň biragyzdan goldamagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Resolýusiýany kabul etdi. 2015-nji ýylyň iýun aýynda bolsa «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly Rezolýusiýa ikinji gezek kabul edildi.
2017-nji ýylyň fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy bilen 12-nji dekabr Halkara Bitaraplyk güni diýlip biragyzdan yglan edildi. Şondan bäri bu baýram Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni hökmünde bellenilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply