YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda telekeçiler etiň öndürilişini üç esse artdyrdylar

Ýylyň başyndan bäri Lebap welaýatynda ykdysadyýetiň döwlete degişli däl sektorynda 97,5 tonna ýakyn et öndürildi. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, üç esse köpdür.
Telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagy, olaryň önümçilik bilen meşgullanmaklary üçin oňaýly şertleriň döredilmegi welaýatda maldarçylyk bilen meşgullanýan telekeçileriň sanynyň artmagyna getirdi. Häzir hususyýetçileriň 70 töweregi iri we maýda mallary ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýar.
Häzir hususyýetçiler tarapyndan 5 müňden gowrak iri, 9 müň 100 ýüze ýakyn maýda mal idedilýär. Bu her telekeçiniň paýyna ortaça 73 iri we 131 maýda malyň düşýändigini aňladýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: