YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda Täze ýyly zähmet sowgatlary bilen garşy aldylar

Geçen ýyl 130 müň gektar meýdandan 310 müň tonnadan gowrak guşgursak bugdaý, şonça meýdandan 320 müň tonnadan gowrak «ak altyn», 10 müň 200 gektar ýerden 47 müň 400 tonna şaly alyndy.

Welaýatyň oba hojalyk işgärleri gök we bakja önümlerini ýetişdirmekde öňlerinde goýan maksatlaryna ýetdiler. Olar geçen ýyl 1400 gektar ýerde ýazlyk, 900 gektar ýerde bolsa güýzlük ýeralma ekip, ýazlyk ýeralmanyň 19 müň 619 tonnasyny, güýzde bolsa 12 müň 615 tonnasyny ýygnap, her gektaryň hasyllylygyny 140 sentnerden hem geçirdiler. Şeýlelikde, welaýatda ýeralmanyň 32 müň 234 tonnasy ýygyldy.

Geçen baharda 900 gektar ýerde sogan eken lebaply daýhanlar 22 müň 563 tonna hasyl alyp, her gektaryň hasyllylygyny 250 sentnere ýetirdiler. Ýene şonça gektar ýere güýzlük sogan hem ekildi. Häzir ekin endigan boý alýar.

2021-nji ýylda welaýatyň daýhanlary 545 gektar ýerden pomidoryň 13 müň 625, 50 gektar ýerden hyýaryň 1000, 180 gektar ýerden kelemiň 4500 tonnasyny ýygnap aldylar. Käşir bolsa baharda-da, güýzde-de ekildi. Has takygy, 450 gektar ýere ekilen ýazlyk käşirden 8123, 475 gektar ýere ekilen güýzlük käşirden 8674 tonna hasyl alyndy.

Geçen baharda welaýatda 2100 gektar ýere bakja ekinleri ekilip, alnan hasyl 42 müň 41 tonna ýetdi. 3100 gektara mäş, 220 gektara noýba eken daýhanlarymyz, degişlilikde, 3722 we 339 tonna hasyl aldylar. Geçen güýzde 400 gektar ýere ekilen sarymsak hem häzirki günlerde endigan boý alýar.

2022-nji ýylda Jeýhun ýakasyndaky bereketli topragyň 11 müň 670 gektaryna gök we bakja ekinleri ekiler. Şunça ýeriň 2300 gektary ýeralma, 545 gektary pomidor, 50 gektary hyýar, 1800 gektary sogan, 180 gektary kelem, 925 gektary käşir, 2100 gektary bakja önümlerini, 3100 gektary mäş, 220 gektary noýba, 450 gektary bolsa sarymsak ekmek üçin bölünip berler.

Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: