TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebap welaýatynda täze desgalaryň gurluşygy gözegçilikde saklanylýar

Lebap welaýatynda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleri döwlet gözegçiliginde saklanylýar. Bu barada welaýatyň häkimi duşenbe güni geçirilen iş maslahatynda döwlet Baştutanyna habar berdi.
Hasabatda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy beýan edildi.
Döwlet Baştutanymyz ähli desgalaryň ýokary hilli we öz wagtynda ulanmaga berilmegini üpjün etmegi, gurluşyk işlerine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.