Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permany bilen, Lebap welaýatynda täze döredilen etraplaryň kazylary wezipä bellenildi.
Resminama laýyklykda, Ýakup Berdimuhammedowiç Akmämmedow Farap etrap kazyýetiniň, Yhlas Jumaýewiç Bäşimow Garabekewül etrap kazyýetiniň, Bahtiýar Yhtyýarowiç Alymow bolsa Döwletli etrap kazyýetiniň kazysy wezipelerine bellenildi.
Şeýle hem degişli resminama bilen, täze bellenilen etrap kazyýetleriniň kazylarynyň üçüsine-de bäşinji hünär derejesi berildi.
Döwlet Baştutany degişli Permana 3-nji dekabrda gol çekdi.
Lebap welaýatynda täze açylan etraplaryň kazyýetlerine kazylar bellenildi
04
Dec
