YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda süýt we süýt önümleriniň öndürilişi artýar

Lebap welaýatynyň telekeçileri geçen bäş aýyň dowamynda 950 tonnadan geçirip süýt öndürdiler. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 278,5 tonna ýaly köpdür.
Süýt öndürmek bilen welaýatda 54 telekeçi meşgul bolýar. Olar jemi 5300 sygyra ideg edýärler. Süýt öndürmek bilen Çärjew etrabynyň telekeçileriniň 13-si meşgullanýar. Munuň üçin olar jemi 1160 sany sygyr saklaýarlar. Dänew, Kerki, Saýat, Halaç etraplarynda hem süýt öndürmek üçin maldarçylyk bilen meşgullanýan telekeçiler az däl.
Süýdüň köp bölegi gaýtadan işlenilip, ilata gatyk, gaýmak, peýnir, dorog, doňdurma ýaly önümler görnüşinde hödürlenilýär. Ýylyň başyndan bäri 149 tonna ýakyn süýt önümleri öndürildi. Geçen ýylyň bäş aýynda bu görkeziji 118,7 tonna barabardy

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: