YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda süýdüň öndürilişi artýar

 Lebap welaýatynyň telekeçileri ýylyň başyndan bäri 1374 tonnadan geçirip süýt öndürdiler. Bu geçen degişli döwründäkisinden 60 tonna gowrak köpdür.

Maglumatlar käbir telekeçileriň öndürijiligini has artdyrandygyna güwä geçýärler. Mysal üçin, işini Dänew etrabynda alyp barýan «Bereketli jaý» hususy kärhanasynyň fermasynda sagylan süýt 260 tonna ýakynlady. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkisinden on esseden hem artyk önümiň öndürilendiginden habar berýär. Çärjew etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginde sygyr idedýän Mansur Altybaýew bolsa 54 tonna süýt öndürdi we alyjylara ugratdy. Bu onuň geçen ýylky görkezijisinden 18 tonna köpdür. Faraply telekeçi Patma Jumaýewa bolsa geçen ýylyň dokuz aýdakysyndan 51 tonna süýdi köp öndürip, söwda nokatlaryna bu önümiň 80 tonnasyny ugratdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: