YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda suw üpjünçilik ulgamlary döwrebaplaşdyrylýar

«Lebapwelaýatagyzsuw» birleşigi tarapyndan şu ýylyň başyndan bäri suw geçirijileriň 405 metrinde, lagym ulgamynyň bolsa 355 metrinde arassalaýyş-bejeriş işleri geçirildi. Häzirki wagtda welaýat boýunça agyz suw geçirijileriniň umumy uzynlygy 2538 kilometre, lagym ulgamlarynyňky bolsa 567 kilometrden gowraga ýetdi. Geçen ýylyň dowamynda Döwletli etrabynda gije-gündizde 5 müň kub metr kuwwaty bolan lagym arassalaýjy desga ulanylmaga berildi hem-de Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginden Türkmenabat şäheriniň Azatlyk şäherçesine çenli täze agyz suw geçirijisi çekildi.
Ulgamyň bökdençsiz işlemegine enjamçy N. Bazarowa, bejeriji A. Açylow, buhgalter Z. Hojakowa we gözegçi E. Bazarowa ýaly hünärmenler saldamly goşant goşýarlar. Şeýle-de, hyzmatlary döwrebaplaşdyrmagyň çäginde agyz suwy üçin tölegleri sanly ulgam we ýöriteleşdirilen mobil goşundylar arkaly amala aşyrmak mümkinçiligi döredildi. Bu sanly hyzmatlar raýatlara tölegleri uzak aralykdan, bökdençsiz we gysga wagtyň içinde ýerine ýetirmäge şert döredýär.