YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda şaly oragyna girişildi

Şu ýyl Lebap welaýatynyň ekerançylary ilat üçin zerur azyk önümleriniň biri bolan şalyny 10,2 müň gektar meýdana ekip, onuň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirdiler we onuň oragyna girişdiler.

Kuwwatly kombaýnlarynyň güýjünden netijeli peýdalanylmagynyň netijesinde her günde kabul ediş harmanhanalara 1500 tonna golaý şaly tabşyrylýar. Bu işler Çärjew, Saýat, Halaç etraplarynyň hojalyklarynda has guramaçylykly dowam edýär.

Şu ýyl lebaply şalyçylar bu islegli önümiň 47,4 müň tonnasyny taýýarlamagy maksat edinýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: