YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda şaly ekişine girişdiler

Lebap welaýatymyzyň daýhanlary güýzlük bugdaýdan boşan ýerlere ikinji ekinleri ekmäge guramaçylykly girişdiler. Olaryň arasynda ussat şalyçylar hem bar, diýip «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.
Welaýat boýunça şalyny 10,2 müň gektar meýdana ekmek meýilleşdirilýär. Ekişe Çärjew, Saýat, Halaç etraplarynyň ýer eýeleri ikinjileriň hatarynda girişdiler. Olara degişli edaralar tarapyndan degerli ýardam berilýär. Şu möwsümde ekin meýdanlaryna şalynyň «Nukus-2» sorty ekilýär. Şalyçylar agzybirlik bilen zähmet çekip, üstümizdäki ýylda şalynyň 47,4 müň tonnasyny öndürmegi maksat edinýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: