TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebap welaýatynda POS-terminallaryň aglabasy “Daýhanbank”-a degişlidir

Resmi maglumatlara görä, Lebap welaýatynda işjeň ulanylýan POS-terminallaryň arasynda “Daýhanbank” DTB-niň terminallary san taýdan öňdeligi eýeleýär. Welaýat boýunça bu bankyň 1 müň 814 sany POS-terminaly hereket edip, bu görkeziji Lebapdaky terminallaryň iň uly paýyny emele getirýär. Munuň özi “Daýhanbank”yň söwda we hyzmat ulgamlary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini görkezýär.
Şeýle-de Lebap welaýatynda “Türkmenbaşy” PTB-niň 1 337, “Türkmenistan” DTB-niň 1 029, “Halkbank” PTB-niň 872 POS-terminaly hereket edýär. Beýleki banklaryň terminallarynyň sany has pesdir. Umuman alanyňda, banklaryň arasynda bäsdeşligiň güýçlenmegi Lebap welaýatynda nagt däl tölegleriň has giňden ornaşmagyna, ilata amatly maliýe hyzmatlarynyň hödürlenmegine ýardam berýär.