- ESASY HABARLAR, YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda pagta ýygym möwsümine badalga berildi

Lebap welaýatynda pagta ýygym möwsümine badalga berildi. Çärjew etrabynyň «Jeýhun» daýhan birleşiginiň atyzlarynyň biriniň gyrasynda şu waka mynasybetli dabara bolup geçdi. Öňden gelýän däbe görä, pagta ýygymyna ak pata berenlerinden soň ýaşulular täze hasylyň ikinji kilogramlaryny ýygdylar.

Onuň ozalyndan welaýat häkimliginde welaýatyň, etraplaryň daýhan birleşikleriniň, agrosenagat toplumynyň kärhanalarynyň we edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda maslahat geçirildi. Onda öňde duran pagta ýygymy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ýyl welaýatyň pagtaçylary bir ýüz ýigrimi müň gektar meýdanda gowaçanyň «S—2626», «Aş—36», «133», «Ýolöten—7» görnüşlerini ösdürip ýetişdirdiler we ondan iki ýüz togsan bäş müň tonna gymmat bahaly çig mal ýygyp almagy meýilleşdirýärler.

Hasylyň köp bölegini maşynlaryň kömegi bilen ýygmak göz öňünde tutulýar. Munuň üçin iki ýüzden gowrak «МХ—1,8» we «Jon Deere» kysymly pagta ýygýan kombaýnlar taýýarlyk hatarynda goýuldy. Ýakynda welaýat oba hojalyk önümçilik birleşigine «Jon Deere» kysymly pagta ýygýan maşynlaryň ýene-de otuzy gelip gowuşdy. Tizden ýokary öndürijiliki bu kombaýnlaryň ýene-de on sekiziniň gelmegine garaşylýar.

Jeyhun News

Pagta arassalaýjy kärhanalara iberilmezinden ozal ýygnalan pagtanyň bir bölegi kyrk alty sany kabul ediş harmanhanalarynda saklanylar. Täze hasyl bolsa pagta arassalaýjy kärhanalaryň on birinde gaýtadan işleniler. Olarda eýýäm pagtanyň ilkinji tonnalaryny kabul edip başladylar. Halaç etrabynda mundan birnäçe ýyl ozal işe girizilen we Ýewropanyň hem-de ABŞ-niň iň gowy öndürijilerinden satyn alnan häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen kuwwaty ýylda kyrk müň tonna pagta barabar kärhana ilkinjileriň hatarynda şu ýylyň pagtasyny gaýtadan işläp başlady. Bu ýerde «ak kerweniň» gelmegi mynasybetli dabaralar hem bolup geçdi. Etrabyň hojalyklarynda ýygnalan «ak altyn» ýüklenen uly ýük ulaglarynyň kerweni kärhananyň derwezesinden girdi we ýüküni düşürdi.