Lebap welaýatynda okuwa girmäge dalaş edýän raýatlaryň saglygy goraýyş barlaglarynyň geçiriljek edaralarynyň salgysyny belli boldy

Welaýat saglygy goraýyş müdirligi Türkmenistanyň ýokary okuw we orta hünär okuw mekdeplerine 2022 ― 2023-nji okuw ýylynda okuwa girmäge dalaş edýän raýatlara saglygy goraýyş barlaglarynyň geçiriljek edaralary barada habar berýär:

 Türkmenabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi. Zynhary köçesiniň 31-nji jaýy (saglyk öýüniň hyzmat edýän çäginiň we Halaç etrabynyň Garabekewül şäheriniň dalaşgärlerine hyzmat edýär), telefon belgileri: (800422) 7-12-35, 7-16-71, 7-06-76.

Türkmenabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi. Türkmenabat şäheriniň 3-nji kwartaly (saglyk öýüniň hyzmat edýän çäginiň hem-de Saýat etrabynyň dalaşgärlerine hyzmat edýär), telefon belgileri: (800422) 2-52-83, 2-33-06, 2-59-02.

Türkmenabat şäheriniň 3-nji saglyk öýi. Türkmenabat şäheriniň Lebap şossesiniň 3/1-nji jaýy (saglyk öýüniň hyzmat edýän çäginiň dalaşgärlerine hyzmat edýär), telefon belgileri: (800422) 9-25-74, 2-10-96, 9-28-90.

Türkmenabat şäheriniň 4-nji saglyk öýi. Türkmenabat şäheriniň Mukaddes Ruhnama köçesi (saglyk öýüniň hyzmat edýän çäginiň dalaşgärlerine hyzmat edýär), telefon belgileri: (800422) 6-82-23, 6-99-83, 6-90-56.

Türkmenabat şäheriniň 5-nji saglyk öýi. Türkmenabat şäheriniň Magtymguly köçesiniň 113-nji «a» jaýy (saglyk öýüniň hyzmat edýän çäginiň, bejeriş-sagaldyş hassahanasynyň hyzmat edýän çäginiň we Farap, Çärjew etraplarynyň dalaşgärlerine hyzmat edýär), telefon belgileri: (800422) 3-77-60, 3-78-77, 3-83-87.

Dänew etrap hassahanasy. Dänew şäheriniň S.A.Nyýazow köçesiniň 71-nji jaýy (Dänew, Darganata etraplarynyň dalaşgärlerine hyzmat edýär), telefon belgileri: (800446) 2-03-46, 2-04-59, 2-06-03, 2-06-29.

Kerki etrap hassahanasy. Kerki şäheriniň S.A.Nyýazow köçesiniň 137-nji jaýy (Köýtendag, Döwletli, Hojambaz, Kerki, Halaç etraplarynyň dalaşgärlerine hyzmat edýär), telefon belgileri: (800444) 2-03-22,  2-00-03, 2-50-65, 2-55-90.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector