TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebap welaýatynda oba hojalyk tehnikalary ýazky möwsüme taýýarlanylýar

Oba hojalyk tehnikalarynyň ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk derejesi şu hepdäniň duşenbe güni Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda geçirilen iş maslahatynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatda Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew ýazky ekişde we ideg işlerinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak boýunça degişli çäreleriň görülýändigi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk tehnikalarynyň möwsüme talabalaýyk taýýarlanylmagynyň möhüm wezipeleriň hatarynda durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda ähli taýýarlyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.