Lebap welaýatynda möwsümleýin oba hojalyk işleri agrotehniki kadalara laýyklykda guramaçylykly alnyp barylýar. Bu barada welaýatyň häkimi duşenbe güni geçirilen iş maslahatynda döwlet Baştutanyna habar berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda bugdaý meýdanlarynda goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär, gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde sürüm, tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak üçin agrotehniki kadalaryň tutuş toplumynyň berk berjaý edilmegini üpjün etmegi, bar bolan serişdeleriň netijeli peýdalanylmagyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.
Lebap welaýatynda möwsümleýin oba hojalyk işleri ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylýar
03
Feb
