TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebap welaýatynda möwsümleýin oba hojalyk işleri boýunça hasabat berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda duşenbe güni geçirilen iş maslahatynda Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar, gowaça ekiljek meýdanlarda bolsa sürüm, tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak hem-de topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri ýerine ýetirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we bugdaýa ideg etmek, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.