TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebap welaýatynda “Mobil banking” hyzmatyndan peýdalanýanlaryň sany 27 müňden geçdi

2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, Lebap welaýatynda “Mobil banking” hyzmatyna birikdirilen müşderileriň sany 27 müň 254-e ýetdi. Bu görkeziji welaýatda bank hyzmatlarynyň sanlylaşdyrylmagynyň we ilatyň mobil töleg mümkinçiliklerine bolan gyzyklanmasynyň barha artýandygyny görkezýär. Akylly telefonlar arkaly töleg geçirmek, hasap dolandyrmak we bank hyzmatlaryndan uzak aralykdan peýdalanmak Lebaplylar üçin gündelik endige öwrülýär.
Deňeşdirme üçin aýdanyňda, Lebap welaýaty bu ugurda Ahal (2 732), Balkan (18 238) we Daşoguz (7 666) welaýatlaryndan ýokary görkezijä eýedir. Şeýle-de Lebap welaýatynyň görkeziji Mary (24 267) welaýatyndan hem öňe geçýär. Diňe Aşgabat şäheri (28 594) mobil bank hyzmatlarynyň ulanylyşy boýunça birinji orny eýeleýär. Bu ýagdaý Lebap welaýatynyň “Mobil banking” hyzmatlarynyň ornaşdyrylmagy boýunça Türkmenistanda ikinji orunda durýandygyny görkezýär.