Resmi maglumatlara laýyklykda, Lebap welaýatynda “Mobil banking” hyzmatyndan peýdalanýan müşderileriň arasynda “Daýhanbank” DTB öňdeligi eýeleýär. Welaýat boýunça bu bankyň mobil bank ulgamyna birikdirilen müşderileriniň sany 8 müň 839 bolup, bu görkeziji Lebap boýunça iň ýokary derejedir. Bu ýagdaý “Daýhanbank”yň mobil hyzmatlary ilata işjeň ornaşdyrýandygyny görkezýär.
Şeýle-de Lebap welaýatynda “Halkbank” PTB-niň 7 müň 174, “Türkmenistan” DTB-niň 6 müň 042, “Türkmenbaşy” PTB-niň 2 müň 683 müşderisi mobil bank hyzmatlaryndan peýdalanýar. Beýleki banklaryň bu ugurdaky görkezijileri has pesdir. Umuman alanyňda, banklaryň arasynda mobil hyzmatlar boýunça bäsdeşligiň güýçlenmegi Lebap welaýatynda nagt däl tölegleriň giňden ýaýramagyna we sanly ykdysady gatnaşyklaryň çalt ösmegine ýardam berýär.
Lebap welaýatynda “Mobil banking” hyzmatynda “Daýhanbank” öňdeligi saklaýar
23
Jan
