Lebap welaýatynda mallaryň ýyly we dok gyşladylmagy ugrunda aladalanylýar
Lebap welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň maldarçylyk hojalyklarynda gyş paslyna taýýarlykly geldiler. Welaýat boýunça ot iýmleriň 12 müň 595 tonnasy taýýarlanyldy we mallaryň gyşladyljak ýerlerine daşaldy. Olaryň 201 tonnasy meýdan otunyň bedesidir, 12 müň 394 tonnasy bolsa iri baldakly otlardyr. Şonuň ýaly-da, maldarçylyk hojalyklarynda bar kaşarlaryň 317-sinde abatlaýyş işleri geçirildi. Bu bolsa gyş möwsüminden ýitgisiz çykyljakdygyna bolan ynamy berkidýär.
Şu ýyl ene goýun-geçileriň sany 97 müň 915-e ýetdi. Welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynyň kärendeçi çopanlary geçen owlak-guzy möwsüminde olardan 69 müň 211 sany owlak-guzy alyp, ösdürilmäge goýberdiler. Häzir düýeleriň baş sany bolsa 2 müň 900-den geçdi.