YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda «KAMAZ»-yň hyzmat merkezi açylar

2021-nji ýylyň ahyryna çenli şereket Lebapda «KAMAZ»-yň hyzmat merkezi açylar. Bu barada kompaniýanyň metbugat merkezine salgylanmak bilen, «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty habar berýär.

«2008-nji ýyldan bäri Aşgabatda 5 müň inedördül metrden gowrak meýdany bolan KAMAZ okuw we hyzmat merkezi işleýär. Bu şereket ýurduň sebitlerinde täze awtoulag merkezlerini gurýar. Türkmenbaşyda hyzmat merkeziniň resmi açylyşy 2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň ahyryna meýilleşdirilipdir. 2021-nji ýylyň ahyryna çenli şereket Lebapda, 2022-nji ýylda Maryda we Daşoguzda hyzmat merkezlerini açmagy meýilleşdirýär», diýlip habarda aýdylýar.

Şonuň ýaly-da. Russiýa Federasiýasynyň dizel ýük awtoulaglaryny we dizel dwigatellerini öndürýän «KAMAZ» kompaniýasy 2022-nji ýylda Türkmenistanda ýörite enjamlaryň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär.

Türkmenistanda ýörite enjamlaryň önümçiligini guramagyň taslamasy «KAMAZ»-yň baş müdiri Sergeý Kogoginiň Tatarystanyň wekiliýetiniň Türkmenistana eden soňky saparynyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dowamynda «KAMAZ» Türkmenistana 11 müňden gowrak awtoulag iberdi. Olaryň 2 müňüsi soňky üç ýylyň dowamynda gelip gowuşdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: