JEMGYÝET

Lebap welaýatynda käbir geňeşlikler ýatyryldy we olaryň obalary beýleki düzümlere goşuldy

 Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň 2022-nji ýylyň 9-njy noýabrda çykaran «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda» Kararyna laýyklykda, Lebap welaýatynda birnäçe geňeşlikler ýatyryldy we olaryň obalary beýleki düzümlere goşuldy.

Karara laýyklykda:

Çärjew etrabynyň Talhanbazar geňeşligini ýatyrmaly we onuň Pagtaçy obasyny Hojaili geňeşliginiň düzümine geçirildi;

Döwletli etrabynyň Miras geňeşligi ýatyryldy we onuň Garagum, Miras obalaryny Döwletli şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna berildi; Serdar geňeşligi ýatyrmaly we onuň Dostluk, Serdar obalaryny Türkmenistan geňeşliginiň düzümine geçirildi;

Halaç etrabynyň Jeýhun geňeşligi ýatyryldy we onuň Jeýhun obasy Halaç geňeşliginiň düzümine geçirildi;

Hojambaz etrabynyň Garaşsyzlyk geňeşligini ýatyrmaly we onuň Gülüstan obasyny Kyrköýli geňeşliginiň düzümine geçirmeli;

Köýtendag etrabynyň Ýürekdepe geňeşligi ýatyryldy we onuň Aýrybaba, Ýürekdepe obalary Çärjew geňeşliginiň düzümine geçirildi;

Saýat etrabynyň Çarbagdepe, Gyzylýarymaý geňeşlikleri ýatyryldy. Çarbagdepe geňeşliginiň Miweçiler obasy hem-de Gyzylýarymaý geňeşliginiň Gyzylýarymaý obasy Tejribeçiler geňeşliginiň düzümine geçirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: