TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebap welaýatynda işjeň ulanylýan POS-terminallaryň sany 6 müňe golaýlady

2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, Lebap welaýatynda işjeň ulanylýan POS-terminallaryň sany 5 müň 990-a ýetdi. Bu görkeziji Lebap welaýatynyň nagt däl töleg infrastrukturasynyň ýokary depginde ösdürilýändigini görkezýär. Welaýat boýunça söwda merkezlerinde, bazarlarda, hyzmat edaralarynda hem-de jemgyýetçilik nokatlarynda POS-terminallaryň giňden ornaşdyrylmagy ilatyň bank kartlary arkaly töleg geçirmäge bolan isleginiň artýandygyny tassyklaýar.
Deňeşdirme üçin aýdanyňda, Lebap welaýaty POS-terminallaryň sany boýunça Mary welaýatyndan (5 938) birneme öňe geçip, Ahal (2 325), Balkan (5 095) we Daşoguz (4 998) welaýatlaryndan ýokary görkeziji eýeleýär. Diňe Aşgabat şäheri (12 344) bu ugurda öňdeligi saklaýar. Bu ýagdaý Lebap welaýatynyň nagt däl hasaplaşyklaryň ösdürilmegi boýunça ýurduň öňdebaryjy sebitleriniň biridigini görkezýär.